“Çokundyran ata” filminiň režissýory 2025-nji ýylda täze film surata düşürip başlar

  • 06.12.2024 20:48
  • 3k+

“Çokundyran ata” (Крёстный отец) filminiň awtory Frensis Ford Koppola täze taslama bilen bagly meýilnamalaryny aýtdy. Onuň indiki filmini 2025-nji ýylda surata düşürip başlamagyna garaşylýar.

The Washington Post bilen söhbetdeşlikde Koppola Roždestwo baýramçylygyndan soň Londana göçjekdigini we şol ýerde surata düşürmäge taýýarlanjakdygyny aýtdy. Film “Aýyň şuglasy” (Glimpses of the Moon) diýlip atlandyrylar. Režissýor filmi “30-njy ýyllaryň stilindäki geň mýuzikl” hökmünde häsiýetlendirdi.
Lenta Edit Uortonyň 1922-nji ýyldaky adybir romanyna esaslanar. Kitabyň sýužeti maksatly nikalaşýan, ýöne kem-kemden biri-birinde söýgüsini tapýan ýaş çatynjalar barada gürrüň berýär. Filmiň başga bir referensi 1937-nji ýylyň “Elhenç hakykat” (Ужасная правда) klassyky komediýasy bolar.
Koppola öz karýerasynda mýuzikl bilen eýýäm işleşdi (“Tüýs ýürekden”, От всего сердца, 1981). Ýakynda ol “Megalopolis” filmini çykardy we ol prokatda şowsuz bolup, tankytçylar tarapyndan dürlüçe kabul edildi.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....