Oman Soltanlygynyň täze ilçisi Türkmenistanda diplomatik işine başlady

  • 06.12.2024 20:15
  • 3.2k+

5-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köptaraply işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.
Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwari öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda söwda, işewürlik we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.


şu gün 13:44
1.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......