BYD awtoulag kompaniýasy Apple üçin iň uly iPad öndürijisi boldy

  • 06.12.2024 15:02
  • 1.9k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy Apple üçin iPad planşetleriniň iň uly öndürijisi boldy. Öz elektromobilleri we akkumulýatorlary bilen has tanalýan öndüriji bellenilen ugurda Taýwanyň Foxconn kompaniýasyny gysyp çykardy diýip, The Wall Street Journal neşirinde aýdylýar.

Analitikleriň maglumatlaryna görä, iPad planşetleriniň 30%-den gowragy indi BYD-yň önümçilik desgalarynda ýygnalýar. Kompaniýa bu proses bilen, takmynan, 100 müň işgäriň we 10 müň inženeriň işini üpjün edýär.
Apple öz üpjün edijilerini diwersifikasiýalaşdyrmaga ymtylýar, bu hem BYD bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge sebäp boldy. Hytaý kompaniýasy iPad-y 2019-njy ýylda öndürip başlady, ýöne Apple-iň bu öndürijä bolan ynamy kem-kemden artdy. Häzirki günde BYD Apple-e iPhone üçin titan enjamlaryny hem iberýär.

“Biz hytaý kompaniýalarynyň kömegi bolmazdan edýän zatlarymyzy edip bilmeris” – diýip, Apple-iň baş müdiri Tim Kuk noýabr aýynda Hytaýa eden sapary wagtynda (ýylda üçünji gezek) belledi.

Apple-den başga-da, BYD-yň hyzmatlaryndan Xiaomi, Huawei we Samsung ýaly beýleki iri kompaniýalar hem peýdalanýar. 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýanyň girdejisi 28 mlrd dollar boldy we ol Tesla-nyň görkezijisinden ýokarydyr.
BYD emeli aňy peýdalanyp, fabrikalary-da işläp taýýarlamak bilen tehnologiýa pudagynda barlygyny giňeltmegi dowam etdirýär. Hytaýyň çäginden daşary önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen, BYD eýýäm Wýetnamda we Hindistanda elektronika öndürýär.


düýn 08:17
714

Apple kompaniýasy Mac we iPad gurluşlarynyň bahasyny tas 20% gymmatlatdy

Apple kompaniýasy ýat çipleriniň we göterijileriň bahasynyň gymmatlamagy sebäpli birnäçe MacBook, iPad we iMac modelleriniň bahasyny, takmynan, 20% ýokarlandyrdy. Şondan soň maýa goýujylaryň islegiň peselip......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....