Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralarda 11 aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi

  • 05.12.2024 07:11
  • 14k+

4-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça kanunçylyk hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol howpsuzlygy düzgünleriniň, ýangyna garşy göreş düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Mejlisiň dowamynda şeýle hem 
Ýokary kazyýetiň başlygy, milli howpsuzlyk ministri, Döwlet serhet gullugynyň başlygy, adalat ministri, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler. 
Serdar Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......