Türkmenistanda 12-nji synplar üçin ýapon we hytaý dili boýunça okuw kitaplary neşir edildi

  • 04.12.2024 16:16
  • 8.6k+

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi bilen ýurdumyzyň mekdepleriniň 12-nji synplary üçin ýapon dili we hytaý dili boýunça okuw kitaplaryny neşir etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Orta mekdep okuwçylary üçin «Ýapon dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitabynyň awtorlary - H.Ito bilen G.Sähedowa.
«Hytaý dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitabynyň awtory Ç.Möwlamowa.

Bu okuw kitaplara girizilen materiallar orta mekdebiň soňky synpynda okaýan okuwçylara öňki synplarda alan bilimlerini gaýtalamaga hem-de düýpli berkitmäge mümkinçilik berer. Okuw kitaplary kommunikatiwlik (aragatnaşyga ugrukdyrmak), interaktiwlik (özara işjeňlige ugrukdyrmak), şeýle hem sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmak ýörelgelerine esaslanyp taýýarlanyldy.
Okuw kitaplary daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça tassyklanan okuw meýilnamalaryna, şeýle hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen daşary ýurt dillerini okatmagyň meýilnamalary we ýörelgeleri boýunça işlenip düzüldi.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

17.06.2026 09:44
2.3k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......