Tom Kruz "Deeper" trillerinde baş roly oýnar

  • 03.12.2024 22:56
  • 4k+

Tom Kruz Dag Laýmanyň režissýorlyk etjek täze "Deeper" atly trillerinde baş rolda oýnar. Filmiň ssenariýaçysy Showbiz411 neşirine beren interwýusynda bu filmiň olaryň elhençlikler žanrlaryndaky ilkinji tejribesidigini aýtdy.

Filmiň sýužetinde ummanyň täze tapylan çuň ýerinde derňew geçirýän wezipesinden boşadylan astronawt barada gürrüň berilýär. Derňew işleriniň dowamynda bu gahryman jadyly we howply güýje duçar bolýar.
Dag Laýman: "Men hiç haçan şeýle filmi surata düşürip görmedim, Tom hem şeýle" – diýip, “has gorkunç” film döretmek isleýändigini aýtdy.
Bu taslama Warner Bros studiýasy tarapyndan taýýarlanylýar. Şeýle-de bolsa, “Deeper-de” önümçilik kynçylyklary ýüze çykdy: Maks Lendisiň ilkibaşdaky ssenariýasy 2016-njy ýylda tamamlandy, emma ssenariýaçynyň özüni alyp barşy boýunça arz-şikaýatlar zerarly soňrakky işler haýallady.
“Deeper-den” başga-da, Kruz we Laýman “Geljegiň çäginiň” (Грань будущего) sikweliniň we kosmosa uçuş baradaky taslamanyň üstünde işleýärler. Şeýle-de aktýor Alehandro Inýarittunyň "Broadsword" filminde, "Top Gan 3" filminde we “Gök gürrüldän günleriň” (Дни грома) sikwelinde çykyş eder. Mundan başga-da, "Missiýa ýerine ýetirerlik däl" (Миссия невыполнима) filminiň finalyna az wagt galdy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....