Kazyýet Tesla kompaniýasyna Ilon Maska $56 mlrd tölemegi gadagan etdi. Kompaniýa şikaýat eder

  • 03.12.2024 21:31
  • 11k+

Kazyýet Tesla-nyň baş müdiri Ilon Maskyň, kompaniýanyň paýdarlarynyň makullandygyna garamazdan, 56 mlrd dollar möçberde öwez bukjasyny alyp bilmejekdigini karar etdi diýip, Reuters habar berýär.

Täze karary kazy Ketlin Makkormik tassyklady. Hut ol ýanwar aýyndaky kararynda töleg bukjasyny “aşa” diýip atlandyrypdy.
Öň, töleg bukjasy iýun aýynda kompaniýanyň paýdarlary tarapyndan makullandy. Ýöne kazy Tesla-nyň müdirler geňeşiniň gaýtadan ses berişligi geçirmäge hukugynyň ýokdugyny aýtdy. Öz çözgüdinde ol şeýle belledi: “Eger kazyýet ýeňlen taraplara kazyýet çözgütlerine täzeden garamak maksady bilen täze faktlary döretmäge mümkinçilik berýän tejribäni makullan bolsa, kazyýet dawalary tükeniksiz bolardy”.
Ilon Mask X sosial ulgamynda bu çözgüt bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy.

“Kazylar däl-de, paýdarlar kompaniýanyň seslerini gözegçilikde saklamaly” – diýip, ol ýazdy.
“Bu nädogry çözgüt, biz şikaýat etmekçi” – diýip, Tesla-da bellenildi.

Makkormik eýýäm şu hepde gutarnykly karar çykarar. Tesla we Mask Delawer ştatynyň Ýokary kazyýetinde şikaýat edip biler. Ýöne şikaýata garamak işi bir ýyla çekip biler.


20.06.2026 10:45
3.5k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....