Dünýäde indi iň garry erkek adam 112 ýaşly braziliýaly boldy

  • 03.12.2024 13:27
  • 12k+

Ýer ýüzünde iň garry erkek adam resmi taýdan braziliýaly Žoao Marinýo Neto boldy. Rekord goýlan wagty ol 112 ýyl 52 gün ýaşyndady. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Žoaonyň ýaşy LongeviQuest gerontologik topar tarapyndan tassyklandy. Erkek adam 1912-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Maranguapi şäherinde daýhan maşgalasynda dünýä indi. Ol çagalykdan hojalyga kömek etdi, soňra ýeri miras alyp, daýhançylyk bilen meşgullanmagyny dowam etdirdi, mal köpeltdi we ekin ýetişdirdi. Kynçylyklara, şol sanda agyr gurakçylyga garamazdan, Žoao öz maşgalasy üçin maliýe taýdan durnukly durmuşy üpjün etmek üçin hemişe yhlasly zähmet çekdi.
Žoao iki gezek öýlenen. Onuň birinji nikasyndan dört çagasy, ikinjisinden üç çagasy bar. Häzirki günde rekord eýesiniň uly maşgalasy alty çagasyndan, 22 agtygyndan, 15 çowlugyndan we üç ýuwlugyndan ybarat.
Žoaonyň aýtmagyna görä, onuň uzak ýaşamagynyň syry ony gowy adamlaryň gurşamagynda we ýakyn adamlarynyň hemişe ýanynda bolmagyndadyr.


18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....