Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe täze kanunlary kabul etdi

  • 02.12.2024 10:14
  • 8.4k+

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugynda habar berdiler.

Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda ýeten sepgitlerini, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmäge esasy çemeleşmeleri hem-de ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini emele getirmegiň aýratynlyklaryny, oňa degişli beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Deputatlar «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary-da biragyzdan kabul edildi.
Maslahatyň barşynda şeýle hem şu resminamalar kabul edildi:

  • «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» we «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Kanunlar;
  • «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» we «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary;
  • «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlar.

Maslahatda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....