Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

  • 01.12.2024 23:58
  • 7.7k+

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden eseri – «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Kitap «Giriş»-den we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem­de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy­medeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini bu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» ýaly bäş bölümleriniň üsti bilen täsirli beýan edipdir.
Kitabyň «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhy­medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy» we «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen alty sany bölümler arkaly okyja ýetirilýär.
Kitapda halkymyzyň geçmişde guran beýik türkmen döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, biziň günlerimize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlar netijesinde tapylan gymmatlyklaryň mysalynda binagärlik, çeperçilik aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.
Kitap türkmen we iňlis dillerinde neşir edildi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......