Pariž Bibi Merýem ybadathanasy ýangyndan bäş ýyl soň açylmaga taýýär

  • 01.12.2024 19:13
  • 6.1k+

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron aýaly Brijit bilen ýangyndan soň dikeldilen Notr-Dam-de-Parini (Pariž Bibi Merýem ybadathanasy) gözden geçirdi. Bu ybadathananyň resmi açylyşy ýene bir hepdeden, 7-nji dekabrda bolar.

Dabaraly çäre bütin dünýäde göni ýaýlymda görkeziler diýip, BBC habar berýär.
Meşhur ybadathana - Fransiýanyň paýtagtynyň iň meşhur taryhy we binagärlik ýadygärliklerinden biridir. Oňa “Fransiýanyň ýüregi” diýilýär. Notr-Damda ýangyn 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde agşam başlandy. 500-den gowrak adam dokuz sagatdan gowrak wagtlap ýangyna garşy göreşdi.

Ýangyn binanyň üçegine agyr zeper ýetirdi. Onuň 750 tonnalyk çürelip gidýän gümmezi ýykyldy. Desganyň iň meşhur aýratynlyklaryndan biri bolan ägirt uly reňkli bägül witražlar hem zaýalandy. Witražlaryň asyl nusgalary baryp-ha XIII asyrda döredilipdi, ýöne olaryň diňe bir bölegi şu güne çenli saklanyp galypdyr, köp witražlar öňki ýangynlar wagtynda ýok edilipdir. Soňky ýangyn wagtynda näçe penjirä we nä derejede zeper ýetendigi belli däl, ýöne olar indi dikeldilenden soň öňki görnüşine eýe boldular.
Dikeldiş işleriniň bahasy ilkibaşda bir milliard ýewro, dikeldilmeli möhleti 10-15 ýyl diýlip çaklanyldy, ýöne Makron ybadathananyň bäş ýylda gaýtadan dikeldiljekdigini aýdyp, söz berdi. Häzir, ähli  tehnologiki we syýasy päsgelçiliklere garamazdan, Notr-Dam açylmaga taýýar.
Netijede, dikeldiş işleri ýurda 700 million ýewro düşdi. Bu mukdaryň bir bölegini hususy maýadarlar berdiler. Bu işe 250 sany gurluşyk kompaniýasy we ýüzlerçe hünärmen gatnaşdy.


22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:36
6.3k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......