Çykanyndan soň bir günüň içinde Hytaýda 660 müň sany Redmi K80 we K80 Pro smartfonlary satyldy

  • 30.11.2024 18:45
  • 12k+

Redmi kompaniýasy satuw başlanyndan soň bir günüň içinde Hytaýda 660 müň K80 we K80 Pro smartfonlarynyň satylandygyny habar berdi. Täze önümler müşderilerde uly isleg döretdi.

Kompaniýanyň Weibo platformasynda berlen maglumatlaryna görä, köp dükanlarda flagman modellerini satyn almak isleýän müşderileriň sany köpelýär.
Redmi K80 Pro Snapdragon 8 Elite prosessorly smartfonlaryň iň amatlylarynyň birine öwrüldi. Smartfon 2K durulykdaky ekrany, 120 Wt çalt zarýad berýän 6000 mAh akkumulýatory we IP69 suw we tozan goragy bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjamyň bahasy 511 dollardan başlaýar.
Esasy K80 wersiýasynyň bahasy 345 dollardan başlaýar. Ol Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryny aldy. Batareýasynyň kuwwaty 6550 mAh.


27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....