Lexus LBX bilen tanyşdyryldy: üç silindrli hereketlendirijili premium mini-krossower

  • 30.11.2024 18:33
  • 9.5k+

Lexus täze ykjam LBX gibrid krossowerini tanyşdyrdy. Täze model ýokary hili, ösen tehnologiýalary we ykjam ölçegleri özünde jemleýär diýip, Autocar ýazýar.

Awtoulag "Toyota Yaris Cross-yň" esasynda guruldy we gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyryldy.
Lexus LBX-iň uzynlygy bary-ýogy 4,19 metr.
Täze önüm gibrid güýç gurluşy:  1,5 litrlik üç silindrli benzinli hereketlendiriji we elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ulgamyň umumy kuwwaty 136 at güýjüne ýetýär, 100 km / sag tizlige bolsa 9,2 sekuntda çykýar. 100 km üçin ortaça 4,5 litr ýangyç sarp edýär.
Model iki görnüşde bolar: öň tekerleri hereketli we ähli tekerleri hereketli, şonda yzky tekerler ikinji elektrik hereketlendirijisi bilen herekete getirilýär.
LBX-iň içinde premial bezegleri we 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli, 9,8 dýuým ekranly Lexus Link Connect maglumat ulgamy görnüşindäki häzirki zaman tehnologiýalary bar. Standart komplektasiýasyna uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy we Lexus Safety System + funksiýasynyň  bukjasy girýär.
Krossower 38 000 dollar bahadan hödürlenýär. Ähli tekerleri hereketli, ýokary bezegli komplektasiýasy, takmynan, 50 700 dollara düşýär.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....