ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy «Winter cup 2024» atly akyl-bilim bäsleşigini geçirýär

  • 30.11.2024 10:42
  • 2.1k+

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 8-nji dekabrda «Winter cup 2024» atly akyl-bilim bäsleşigini geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ÝB islegi bolan toparlary bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Topar 8 adamdan ybarat bolmaly: 6 esasy oýunçy we 2 ätiýaçlyk. Toparlar 24 soraga – iki tapgyryň hersinde 12 soraga jogap bermeli bolarlar. Iki tapgyrda iň gowy netije görkezenler jemleýji oýna çykar we şol ýerde «Çempion» diýen at ugrunda bäsleşer.
Galan toparlar oýny final soraglary boýunça dowam etdirmek bilen, bilim ýaryşynda bürünç medal ugrunda bäsleşerler. Finalda oýun 6 utuga çenli dowam eder. Bäsleşik türkmen we rus dillerinde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak mugt! Munuň üçin 6-njy dekabra çenli onlaýn soragnamany dolduryp, hasaba alynmaly.
Oýnuň geçiriljek ýeri: «Angar» resto-kluby;
Salgysy: Arçabil şaýoly-41 («ABM» iş merkezi). 


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......