Şu gije Ýagşymyradow – Kasanganaý duşuşygy bolar: nirede we haçan görmeli?

  • 29.11.2024 15:25
  • 33k+

Garyşyk başa-baş söweşiň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow bilen amerikaly Impa Kasanganaý PFL Season Championships ýaryşynyň finalynda duşuşar. Ýarym agyr agramda PFL-iň Gran-prisiniň çempionlyk guşagy we 1 mln dollar möçberinde baýrak ugrundaky söweş 30-njy noýabra geçilýän gije Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki King Saud University arenasynda geçiriler.

Wakanyň öňüsyrasynda türkmen söweşijisi bu tutluşyk barada teswir berdi.

“Jogapkärli söweş, ýöne meniň üçin, ilkinji nobatda, pul üçin däl. Kellämde titul bar, pul bolsa häzir ikinji derejeli zat. Kime we nämäni subut etmelidigimi bilmesem-de, jogapkärçiligi duýýaryn. Men guşagy alyp, çempion bolasym gelýär. Men 35 ýaşymda we häzir bolup biljek iň gowy derejämde. Aýdylyşy ýaly, näme üçin häzir däl? Häzir meniň wagtym, men gowy garşydaşlardan geçdim. Töwekgelçilik hemişe-de bar. Eger guşagy almak maňlaýyma ýazylan bolsa, men ony alaryn” – diýip, Ýagşymyradow Sport24 neşirine aýtdy.
Ol jogapkärli söweşde özüni goldamak üçin “tutuş bir uçar” muşdaklarynyň geljekdigini sözüniň üstüne goşdy. “40 adam-a bar!” – diýip, söweşiji belledi.

Onuň garşydaşy Impa Kasanganaý (18-4) ýarym agyr agramda ýaryşyň geçen ýylky ýeňijisidir. Ol 2020-nji ýylyň awgust aýyndan 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli UFC-de çykyş edip, iki gezek ýeňiş gazandy we iki gezek ýeňildi.
Kasanganaý UFC-den gidenden soň, Eagle FC we XMMA promouşenlerinde çykyş etdi, soňra PFL-e goşuldy. Onuň bu ýerde rekordy 8-1. Ol 2024-nji ýylyň fewral aýynda Bellator-yň çempiony Jonni Eblin bilen söweşde ýeke-täk ýeňlişine sezewar boldy.

Kasanganaý yzygider üç ýeňişden ybarat tapgyrda barýar. Onuň üçin öňümizdäki söweş 2024-nji ýylda bäşinji bolar (tutluşyklar iki aý aralyk bilen geçirildi).
Döwletjan Ýagşymyradowyň professional rekordy – 24 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik. Ol ýedi ýeňişden ybarat tapgyrda barýar.
Türkmenistanly söweşiji PFL ligasyna 2024-nji ýylda Bellator bilen birleşenden soň goşuldy. Şu ýyl ol üç söweşe gatnaşyp, aprel aýynda sloweniýaly Jeýkob Nedodan (nokaut), iýun aýynda kamerunly Simon Biýongdan, awgust aýynda ýarym final söweşinde bolsa 2022-nji ýyldaky ýaryşyň çempiony awstraliýaly Rob Uilkonsondan üstün çykdy (ikisi-de emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen).
Final söweşini ESPN+ akym hyzmaty we Okko onlaýn kinoteatry göni ýaýlymda görkezer. Esasy söweşler Aşgabat wagty bilen 01:00-da ýaýlyma berler.


şu gün 08:03
886

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......