Döwletjan Ýagşymyradow VS Jeýkob Nedo. Nirede we haçan görmeli?

  • 12.04.2024 13:51
  • 30k+

13-nji aprelde Las-Wegasda (ABŞ) geçiriljek PFL 2 ýaryşynyň çäklerinde garyşyk başa-baş söweşi söýüjileriň iň köp garaşýan tutluşyklarynyň biri bolar: MMA-nyň türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Sloweniýadan Jeýkob Nedo bilen duşuşar.

34 ýaşly Ýagşymyradow söweşleri, köplenç, wagtyndan ir tamamlamaga mümkinçilik berýän güýçli urgy tehnikasy bilen bellidir. Ol 2018-nji ýylda ýarym agyr agramda ACB (häzir – ACA) çempiony boldy, guşagy iki gezek gorady, şondan soň 2020-nji ýylda Bellator-a geçdi.
2024-nji ýylyň başynda Bellator PFL ligasy tarapyndan resmi taýdan satyn alyndy. Indi bu liga UFC-niň esasy bäsdeşine öwrüldi.
Bellator-da Döwletjan ilkinji iki söweşinde ýeňildi, soň üç ýeňiş gazandy. Soňky söweşinde emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Maseý Rožanskini ýeňdi.
Ýagşymyradow karýerasynda 21 ýeňiş gazandy, ýedi ýeňlişe sezewar boldy, bir gezek söweş deňme-deň tamamlandy.
“Gorilla” lakamly 27 ýaşly sloweniýaly söweşiji Nedo PFL-de özüni tanadyp ýetişdi, onuň hasabynda sekiz ýeňiş (hemmesi wagtyndan ir) we bir ýeňliş bar, ol özüniň diňe ilkinji söweşinde ýeňildi. PFL-e 2023-nji ýylda geldi we şondan bäri üç ýeňiş gazandy. Nedo dekabr aýynda geçirilen soňky söweşinde Simeon Pauelli ikinji raundda nokauta gidirdi.
Söweşi nirede we haçan görmeli?
Ýaryş şenbe güni, 13-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 03:30-da Las-Wegasdaky (Newada ştaty, ABŞ) “The Theater at Virgin Hotels” arenasynda başlar. Ýagşymyradow – Nedo söweşiniň Aşgabat wagty bilen 05:30 töweregi başlamagyna garaşmak bolar.
Ýaryşy tölegli ýazylyşyk bilen “Okko Sport” onlaýn serwisi doly görkezer.


düýn 10:58
10k+

Mahaçew bilen Maddalena noýabrda “Medison-skwer-gardende” titul söweşini geçirer

Russiýaly Islam Mahaçew 15-nji noýabrda Nýu-Ýorkdaky meşhur “Medison-skwer-garden” arenasynda awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen titul söweşini geçirer. Bu barada ABŞ-da geçirilen metbugat maslahatynda ýeňil agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow habar berdi...

04.08.2025 19:37
7.8k+

Sabina Kadyrowa kuraş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistana altyn medal getirdi

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy kuraş boýunça 14-nji Aziýa çempionatynda 16 medal gazandy. Ýaryş 2025-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Günorta Koreýanyň Geosan şäherinde geçirildi...

02.08.2025 18:12
4.6k+

Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

23-29-njy iýul aralygynda Malaýziýada Kuçing şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi, onda 44 ýurduň türgenleri gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgeni Alyhan Maksadow 33 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy...

30.07.2025 13:43
3.3k+

Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar

Türkmenistanly ýaş küştçüler 20-29-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen wagta klassiki gözegçilik ulgamy boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.  Türkmenistanyň toparyna 15 küştçi wekilçilik etdi...