Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar

  • 30.07.2025 13:43
  • 3.6k+

Türkmenistanly ýaş küştçüler 20-29-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen wagta klassiki gözegçilik ulgamy boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. 

Türkmenistanyň toparyna 15 küştçi wekilçilik etdi. Türgenler ýokary netijelerii görkezip, 2 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Bu netije bilen Türkmenistan umumy toparlaýyn sanawda ikinji orny eýelemegi başardy.
Bäsleşige Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan jemi 425 ýaş küştçi gatnaşdy. Özbegistan topary 16 medal (6 altyn) bilen birinji ýeri eýeledi. Ýaryşyň ýer eýeleri - Gyrgyzystanyň topary 6 medal (2 altyn) gazandylar, ýöne kümüş medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň toparyndan yza galdylar. Ondan soň Gazagystanyň (6 medal, 1 altyn) we Täjigistanyň (2 medal, 1 altyn) toparlary gelýär.

Türkmenistanyň medalçylary:

  • Çaryýew Çaryhekim (Küşt Älemi akademiýasy, Aşgabat) - 8 ýaşa çenli oglanlar derejesinde altyn (9 utukdan 8).
  • Çaryýewa Anna (Mary welaýat) - 8 ýaşa çenli gyzlar derejesinde altyn (9 utukdan 7,5).
  • Öwliýakuliýew Maksat (Lebap welaýat) - 10 ýaşa çenli oglanlar kategoriýasynda kümüş (9 utukdan 7,5).
  • Batyrow Alyhan (Mary welaýat) - 12 ýaşa çenli oglanlar derejesinde kümüş (9 utukdan 7).
  • Rejepowa Jahan (Lebap welaýat) - 16 ýaşa çenli gyzlar derejesinde kümüş (9 utukdan 7,5).
  • Muradowa Nebahat (Lebap welaýat) - 14 ýaşa çenli gyzlar derejesinde bürünç (9 utukdan 6).

Aýry-aýrylykda, baýrak ýerlerinden bir ädim uzakda durup, dördünji orny eýelän Läle Wepaýewany (10 ýaşa çenli) we Aly Ahmedowy (14 ýaşa çenli) bellemelidiris.


03.06.2026 17:49
3.8k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......