Döwletjan Ýagşymyradow VS Jeýkob Nedo. Nirede we haçan görmeli?

  • 12.04.2024 13:51
  • 31k+

13-nji aprelde Las-Wegasda (ABŞ) geçiriljek PFL 2 ýaryşynyň çäklerinde garyşyk başa-baş söweşi söýüjileriň iň köp garaşýan tutluşyklarynyň biri bolar: MMA-nyň türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Sloweniýadan Jeýkob Nedo bilen duşuşar.

34 ýaşly Ýagşymyradow söweşleri, köplenç, wagtyndan ir tamamlamaga mümkinçilik berýän güýçli urgy tehnikasy bilen bellidir. Ol 2018-nji ýylda ýarym agyr agramda ACB (häzir – ACA) çempiony boldy, guşagy iki gezek gorady, şondan soň 2020-nji ýylda Bellator-a geçdi.
2024-nji ýylyň başynda Bellator PFL ligasy tarapyndan resmi taýdan satyn alyndy. Indi bu liga UFC-niň esasy bäsdeşine öwrüldi.
Bellator-da Döwletjan ilkinji iki söweşinde ýeňildi, soň üç ýeňiş gazandy. Soňky söweşinde emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Maseý Rožanskini ýeňdi.
Ýagşymyradow karýerasynda 21 ýeňiş gazandy, ýedi ýeňlişe sezewar boldy, bir gezek söweş deňme-deň tamamlandy.
“Gorilla” lakamly 27 ýaşly sloweniýaly söweşiji Nedo PFL-de özüni tanadyp ýetişdi, onuň hasabynda sekiz ýeňiş (hemmesi wagtyndan ir) we bir ýeňliş bar, ol özüniň diňe ilkinji söweşinde ýeňildi. PFL-e 2023-nji ýylda geldi we şondan bäri üç ýeňiş gazandy. Nedo dekabr aýynda geçirilen soňky söweşinde Simeon Pauelli ikinji raundda nokauta gidirdi.
Söweşi nirede we haçan görmeli?
Ýaryş şenbe güni, 13-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 03:30-da Las-Wegasdaky (Newada ştaty, ABŞ) “The Theater at Virgin Hotels” arenasynda başlar. Ýagşymyradow – Nedo söweşiniň Aşgabat wagty bilen 05:30 töweregi başlamagyna garaşmak bolar.
Ýaryşy tölegli ýazylyşyk bilen “Okko Sport” onlaýn serwisi doly görkezer.


03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....