15 ýaşly türkmenistanly dzýudoçy Almatyda kadetleriň arasynda Aziýa Kubogynda bürünç medal aldy

  • 06.07.2025 14:19
  • 6.7k+

15 ýaşly Käkilik Derýaýewa kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Bu halkara ýaryş Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýär.

Türkmenistanly türgen 48 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Bu agramda bäş ýurtdan 25 türgen bäsleşdi.
Aşgabatdaky 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy bolan K.Derýaýewa dört duşuşykda ýeňiş gazandy. Ilkinji tapgyrda ol Özbegistandan Sarwinoz Abdusamadowany tutluşygyň 36-njy sekuntynda ýeňdi. Soňra mongoliýaly Hongorzul Ariunzorigden üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa Özbegistandan Nargiz Dustmamtowadan ýeňildi.


Emma utuk berýän tapgyrda ol ýene iki ýeňiş gazandy — ilki bilen Özbegistandan Zarnegor Ullaşowany, soňra bolsa bürünç medal ugrunda Gazagystandan Zlata Şwaýgerti ýeňip, üçünji orna mynasyp boldy.
Şu agram derejesindäki beýleki bürünç medal hem Nargiz Dustmamtowanyň paýyna düşdi. Özbegistanyň wekili Gulmira Holmurzaýeva altyn we Gazagystandan Asel Ruslanowa kümüş medalara eýe boldular.
Käkilik Derýaýewa dzýudo bilen 2019-njy ýyldan bäri meşgullanýar. Onuň ilkinji tälimçisi Batyr Annaýew boldy. Häzirki wagtda ol dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowanyň we Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
Kadetleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogyna 11 ýurtdan jemi 788 türgen gatnaşýar. Türkmenistana bolsa 31 dzýudoçydan ybarat ýygyndy wekilçilik edýär.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......