Zenanlaryň arasynda FIDE-niň Kubogynda Türkmenistandan ilkinji bolup Lala Şöhradowa ýaryşa başlady

  • 07.07.2025 11:53
  • 11k+

Türkmenistandan zenan küştçüler ilkinji gezek zenanlaryň Küşt boýunça Dünýä Kubogyna gatnaşýar. Zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady 19 ýaşly Lala Şöhradowa 2025-nji ýylyň 5–29-njy iýuly aralygynda Batumide (Gruziýa) geçirilýän ýaryşa gatnaşýar.

Onuň FIDE reýtingi — 2135, ol sanawda 90-njy orny eýeleýär. L.Şöhradowa bu ýaryşa gatnaşmak hukugyny 2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda zenanlaryň ýygyndysynyň C toparynda ýeňiji bolmagy bilen gazandy.
Ilkinji tapgyrda Şöhradowa Hindistandan Agrawal Wantika bilen deňme-deň oýnady we utuklary paýlaşdy. Wantika halkara ussady hem-de zenanlaryň arasynda grossmeýster derejesine eýe, onuň reýtingi — 2388 (sanawda 39-njy orunda durýar).
Ýaryşyň gidişi bilen resmi saýtdan göni ýaýlymda synlap bolýar.
Zenanlaryň Dünýä Kubogy Olimpiýa ulgamynda (utulan çykýar) geçirilýär we ýedi tapgyrdan ybarat. Her tapgyrda iki sany klassiki partiýa oýnalýar. Eger-de utuklar deň bolsa, onda goşmaça oýunlar — ilki rapid, soň bolsa blitz görnüşinde — ýeňiji ýüze çykarylýança geçirilýär.
Bu ýaryş ilkinji gezek FIDE tarapyndan 2021-nji ýylda guraldy. Ilkinji gezek ýeňiji Russiýadan Aleksandra Kostenýuk boldy, 2023-nji ýylda bolsa Aleksandra Gorýaçkina (Russiýa) ýeňiji boldy. Dünýä Kubogy zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna dalaşgärler ýaryşyna saýlama hökmünde hyzmat edýär — bu ýaryşyň ýeňijisi dünýäniň çempiony bilen duşuşyk geçirýär.
FIDE-niň erkekler boýunça Dünýä Kubogy 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabry — 27-nji noýabry aralygynda meýilleşdirilýär. Bu ýaryşda Türkmenistana halkara derejeli grossmeýster Saparmyrat Atabaýew wekilçilik eder. Ol hem 2024-nji ýylda geçirilen Bütindünýä olimpiadasynyň B toparynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň ýeňşi bilen gatnaşmaga hukuk gazandy (jemleýji hasapda 24-nji orun).
2015-nji ýylda erkekleriň Dünýä Kubogynda ýurdumyza Ýusup Atabaýew wekilçilik edipdi. Ol birinji tapgyrda taý-breýkde Aleksandr Grişçugdan (3:5) utulypdy.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......