Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

  • 02.08.2025 18:12
  • 5.4k+

23-29-njy iýul aralygynda Malaýziýada Kuçing şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi, onda 44 ýurduň türgenleri gatnaşdylar.

Bu ýaryşda türkmen türgeni Alyhan Maksadow 33 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

Bäsleşigiň dowamynda Alyhan Maksadow Şri-Lankanyň, Saud Arabystanynyň we Yragyň wekilleri bilen duşuşykda (ýarym finalda) ýeňiş gazandy. Jemleýji tutluşykda Taýpeýden gelen garşydaşyndan ýeňlip, çempionatda ikinji orny eýeledi.
Bu ýeňiş türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň ýokary taýýarlyk derejesini aýdyň görkezýär.


21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
4k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......