ÝUNESKO-nyň gözlegi: blogerleriň üçden iki bölegi maglumatlary ýaýratmazdan öň barlamaýar

  • 29.11.2024 13:14
  • 3.3k+

ÝUNESKO gözleg geçirip, onuň netijesinde köp blogerleriň maglumaty ýaýratmazdan öň onuň dogrudygyny barlamaýandygyny ýüze çykardy. BMG-niň guramasy mazmun döredijileri faktçeking endiklerini ösdürmäge çagyrýar diýip, The Guardian habar berýär.

Pikir soraşma 45 ýurtdan (esasan, Ýewropadan we Aziýadan) 500 inflýuenser gatnaşdy, olaryň köpüsi 35 ýaşdan kiçidi. Soraga gatnaşanlar döwlet saýtlary ýa-da resminamalar ýaly resmi çeşmeleri ulanmaýandyklaryny bellediler. Munuň deregine olar öz bilimlerine, gözleg ulgamlaryna, bilermenler bilen gürrüňdeşliklere we täzeliklere daýanýarlar.
Blogerleriň, takmynan, 40%-i internet çeşmeleriniň meşhurlygyny (laýklaryň we tomaşalaryň sany) olaryň ygtybarlylygynyň esasy görkezijisi hasaplaýar. Gatnaşyjylaryň ýarysy diýen ýaly söz azatlygy we awtorlyk hukuklary bilen baglanyşykly ýerli kanunlar barada bilimleriniň çäklidigini aýtdylar.
ÝUNESKO internetdäki mazmunyň hilini ýokarlandyrmak üçin blogerleriň arasynda maglumatlara çynlakaý çemeleşmäni we maglumat sowatlylygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtaýar.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......