Aşgabatda ulag boýunça halkara foruma 40-dan gowrak ýurtdan wekiller gatnaşdy

  • 27.11.2024 19:11
  • 6.5k+

Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahata we sergä dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.

Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara foruma gatnaşýanlaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», “Cargo Lux”, “Lufthansa Consulting” ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar.


Şeýle hem foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly, inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly geçiş, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak we durnukly ulag barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny artdyrmak bu iri halkara çäräniň esasy maksady boldy.

Halkara maslahatyň plenar mejlisinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ugurdaş düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Mejlisde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri beýan edildi.
Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly ýol howpsuzlygy boýunça çäresi hem geçirildi. 


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....