Tok ulanmazdan howadan agyz suwuny almak üçin material döredildi

  • 27.11.2024 14:40
  • 7k+

Halkara alymlar topary tok ulanman, howadan çyglylygy toplamaga ukyply material döretdiler. Bu tehnologiýa gurak sebitlerde suw ýetmezçiligi meselesiniň çözgüdi bolup biler diýip, naked-sciencu.ru ýazýar.

Professor Panse Naumowyň ýolbaşçylygyndaky himikler “Ýanus kristallary” atly kompozisiýany hödürlediler. Olar gidrofil we gidrofob häsiýetlerini birleşdirýär, bu bolsa suw buglaryny ele almaga we emele gelen damjalary energiýa ulanman, daşamaga mümkinçilik berýär.
Dizaýn gurak sebitlerde haýwanlarda we ösümliklerde çyglylygy ýygnamak mehanizmlerinden ylham alýar. Käbir çöl mör-möjekleri, hažžyklar gidrofil we gidrofob zolaklaryny birleşdirýän ýörite ýerüsti gurluşy ösdürdiler. Gidrofil ýerleri damjalarda ýygnanýan suwy özüne çekýär. Soňra bu damjalar gidrofobiki suwdan goraýan zolaklardan geçýärler. Bu haýwanlara ýylda bir santimetrden az ygal ýagýan ýerlerde-de howadan çyglylyk ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Alymlar üç sany organiki birleşmäni saýladylar we olardan sagatda bir inedördül santimetr material üçin 16 grama çenli suw ýygnamaga ukyply çeýe kristallary ösdürip ýetişdirdiler.
Kristallar görünýän ýagtylyga aýdyňdyr, bu bolsa öwrenmegi we kondensasiýa ýagdaýyna gözegçilik etmegi aňsatlaşdyrýar. Öňki tehnologiýalardan tapawutlylykda, täze material suw ýygnamak we daşamak funksiýalaryny birleşdirýär, bu bolsa ony has täsirli edýär.
Gözlegçiler Ýanus kristallarynyň gaty süýjediji gymmaty aralyk energiýa üpjünçiligi bolan sebitlere süýji suw berip biljekdigine ynanýarlar.
Gözlegiň netijeleri "Journal of the American Chemical Society" atly žurnalynda neşir edildi.


düýn 23:26
709

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....