Bukingem köşgi abatlaýyş işleri bilen baglylykda, 2027-nji ýyla çenli myhmanlary kabul etmez

  • 27.11.2024 11:38
  • 5.1k+

Londondaky Bukingem köşgi düýpli abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigi bilen baglylykda ýapylar. Iňlis monarhlarynyň resmi rezidensiýasynda 2027-nji ýyla çenli resmi çäreleri geçirmek bes ediler diýip,  The Times habar berýär.

Abatlaýyş işlerine başlanmazyndan öň, bu köşk iň soňky myhmany - Kataryň emiri Tamim ben Hamad al Tanini kabul eder. Dekabr aýynda onuň saparyna garaşylýar, şondan soň köşkde doly derejeli abatlaýyş işleri ýaýbaňlanar.
Köşgüň durkuny täzelemek işleri eýýäm başlandy. Karl III iş otagyny we naharhanany binanyň beýleki ganatyna geçirdi.
Taslamanyň bahasy 369 million funt sterling (462,3 million dollar) diýlip çaklanylýar. Korolyň özi köşgüň demirgazygyndaky şahsy jaýlaryň durkuny täzelemegi maliýeleşdirer. Esasy çykdajylar döwlet gaznasyndan tölener.
Ýapylýandygyna garamazdan, köşgüň käbir böleklerinde 2025-nji ýyla çenli kiçi duşuşyklar geçirilip durlar. Şeýle-de bolsa, resmi kabul edişlikler Sent-Jeýms köşgüne ýa-da Windzor galasyna geçiriler.
2017-nji ýylda, Karl III heniz şazadaka, Bukingem köşgüni esasy kabulhana hökmünde ulanmakdan ýüz öwürmegiň mümkinçiligi barada aýdypdy. Şeýle-de bolsa, täç geýdirilişikden soň, köşgüň statusynyň saklanyljakdygy tassyklandy, ýöne patyşa maşgalasy Londondaky başga bir şa rezidensiýasy bolan Klarens-hausda ýaşamagy makul bilýär.


19.06.2026 19:18
3.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......