Türkmenistan Stambulda "Helal Expo 2024" sergisine gatnaşar

  • 27.11.2024 11:20
  • 3.1k+

27-30-njy noýabrda Stambulda X Bütindünýä Halal sammitine we Halal Ekspo 2024 forumy geçirilýär. Foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar. Bu barada Türkiýäniň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.

Forumyň çäklerinde şeýle hem B2B-ýarmarka geçiriler. Onda türkmen kompaniýalary dünýäniň dürli künjeklerinden gelip, önümlerini görkezýän 500-den gowrak kompaniýa bilen göni gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik alarlar.
Dünýäde iň iri “halal forumlaryň” biri hasaplanýan bu çäräniň 40 müňden gowrak wekilleri jemlemegine garaşylýar. Serginiň çäklerinde gazanyljak B2B ylalaşyklar kompaniýalara halal senagatda paýlaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Sergä dünýäniň 25 döwletinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....