Mars meteoritinde gyzgyn suwuň yzlary tapyldy

  • 27.11.2024 09:56
  • 4.7k+

Marsdan Ýere düşen “Gara gözel” meteoritiniň derňewleri Marsda 4,45 mlrd ýyl ozal gyzgyn gidrotermal çeşmeleriň bolandygyny görkezdi. Bu barada Awstraliýanyň Kýortin uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, Space.com habar berýär.

Meteorit bölegi 2011-nji ýylda Sahara çölüniň Marokko böleginde tapyldy. Netijede, ol “asman daşlarynyň” kolleksionerleriniň eline düşdi we olar tapyndyny planetologlara berdiler. Tapyndy NWA 7034 ylmy adyny aldy.
Alymlar meteoritden alnan sirkon mineral dänelerini öwrendiler. Seljerme olaryň gyzgyn dag jynslarynyň örän gyzgyn suwuk suw bilen galtaşygy netijesinde emele gelendigini görkezýär.

“Häzir kärdeşler gidrotermal ulgamlaryň Ýerde ýaşaýşyň döremegi üçin esasy element bolandygyny çaklaýarlar. Marsda olaryň analoglarynyň açyşy onuň gabygynyň emele gelşiniň ilkinji tapgyrlarynda Marsyň üstünde ewolýusiýa we ýaşaýşy goldamak üçin zerur bolan gyzgyn suwuk suwuň bolandygyny görkezýär” – diýip, Kýortin uniwersitetiniň uly ylmy işgäri Aaron Kawosi aýtdy.

Meteorit Selsiý boýunça 500-800 gradus temperaturaly suwuň yzlaryny saklaýar. Bu şertler gadymy Ýerde organiki molekulalaryň sintezine ýardam eden gidrotermal ulgamlary ýada salýar.
Awstraliýaly ylmy gözlegçileriň aýtmagyna görä, NWA 7034 5-10 mln ýyl ozal planetanyň üstünden zyňlan Mars gabygynyň böleklerinden ybarat. Demir, alýuminiý we natriý ýaly tapylan elementler Marsda onuň hereket eden ilkinji milliardlarça ýylynda suwuň bolandygyny tassyklaýar.
Açyş uzak geçmişde Gyzyl planetanyň ýaşaýşyň döremegi üçin zerur şertlere eýe bolandygy baradaky çaklamany esaslandyrýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....