Italiýanyň Alp daglarynda 3000 metrden gowrak belentlikde bürünç asyrynyň petroglifleri tapyldy

  • 25.11.2024 15:20
  • 5.4k+

Alp daglarynyň italýan böleginde Pisso Trezero buzlugynyň eňňitlerinde arheologlar bürünç eýýamyna degişli petroglifleri tapdylar. 3000 metrden gowrak belentlikde ýerleşýän bu şekiller Ýewropadaky iň beýik gaýa suratlary bolup durýar diýip, Arkeonews ýazýar.

Adaty bolmadyk gazma nagyşlary ilkinji bolup ýerli syýahatçy Tommazo Malinwerno gördi. Ol öz tapyndysy barada habar berdi we bu barlaglaryň başlanmagyna sebäp boldy. Şekiller öwrenilende, olaryň miladydan öňki 1600–1200-nji ýyllara degişlidigi belli boldy.
Petrogliflerde adamlaryň, haýwanlaryň, spirallaryň we geometrik elementleriň şekilleri bar. Käbir alymlar şekilleriň simwoliki ýa-da ruhy manylara eýe bolandygyny ýa-da topografiki bellikler bolup hyzmat edendigini çaklaýarlar.
Sebit soňky döwürde, köplenç, dürli gyzykly açyşlar bilen hünärmenleri begendirýär. Ozal bu ýerlerden uzak bolmadyk ýerde, Waltellina-Orobi dag gerşinde alymlar taryhdan öňki ekoulgamyň bardygyna subutnamalary tapdylar. Hususan-da, takmynan, 280 million ýyl ozal ýaşap geçen, perm döwrüne degişli süýrenijileriň we ýerde-suwda ýaşaýanlaryň oňat saklanyp galan yzlaryna duş geldiler.


düýn 19:49
1.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....