Türkmenistanda biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyna 25 döwletden talyplar gatnaşdy

  • 25.11.2024 10:24
  • 3.6k+

20 — 22-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Bu halkara olimpiada türkmen talyplary bilen birlikde, 25 döwletiň jemi 109 sany ýokary okuw mekdebinden, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen özara ylalaşyklar, ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ylym-bilim ojaklaryndan 730-dan gowrak talyp gatnaşdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.
Berlen ýumuşlary we soraglary çözmek üçin talyplara 150 minut berildi. Bäsleşigiň eminler toparyna ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň tejribeli işgärleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.

Olimpiadanyň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy. Şunda halkara talaplara laýyklykda, 198 talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolardan 34-si 1-nji, 64-si 2-nji, 100-si bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldy. Biologiýa dersi boýunça geçirilen olimpiadada toparlaýyn bäsleşikde 1-nji orny Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, 2-nji orny Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, 3-nji orny bolsa Özbegistan Respublikasynyň Buhara döwlet uniwersitetiniň talyplary eýelediler.
Belläp geçsek, bu halkara internet bäsleşigi eýýäm üçünji gezek guraldy.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......