Ilon Mask Diablo-4 oýnunda soňky derejäni hemmeden çalt geçip rekord goýdy

  • 24.11.2024 17:01
  • 10k+

Ilon Mask täze üstünligi bilen haýran galdyrdy, ýöne bu gezek ol kosmos pudagyna ýa-da awtomobil senagatyna degişli däl. Milliarder action/RPG žanryndaky kompýuter oýny Diablo 4-de soňky derejäni çylşyrymlylygyň iň ýokary derejesinde tiz geçmek boýunça rekord goýdy diýip, Sportskeeda habar berýär.

X sosial ulgamynda telekeçi öz netijesi bilen wideo ýerleşdirdi. Maska iň ýokary çylşyrymlylykda Ussatlaryň çukurynyň 150-nji derejesini 1 minut 52 sekuntda geçmek başartdy.
Bu synag oýunda iň çylşyrymlylaryň biri hasaplanýar. Oýunçylaryň derejäni geçiş wagty boýunça ýerleşişini görkezýän Helltides.com saýtynda öň birinji orny 1 minut 59 sekunt bilen Resistance ulanyjysy eýeleýärdi. Eger Maskyň üstünligi resmi taýdan tassyklansa, dünýäniň iň baý adamy bu sanawda-da birinji orny eýelär.

“Iň ýokary çylşyrymlylykda wideo oýunlary çalt geçmekden köp durmuş sapaklaryny alyp bolýar. Bu matrisada diňe bir bar bolmagy däl, eýsem ony görmegi öwredýär” – diýip, Mask waka teswir berdi.

Öz geýmerlik gyzyklanmalary barada Mask ozal hem aýdypdy. Jo Rogan bilen ýakynda geçen söhbetdeşliginde milliarder oýunçylaryň ilkinji 20-ligine girýändigini aýdyp, alypbaryjyny haýran galdyrdy. “Çynyňmy, Ilon? Sen meniň Ýer ýüzünde iň baý adamyň planetada Diablo 4-de iň göçgünli grinderleriň biridigine ynanmagyma garaşýarmyň? Goýaýda” – diýip, Rogan şübhe bildirdi.
The Verge neşirinde ol Helltides.com tablisasynyň resmi däldigini we ulanyjy maglumatlarynyň esasynda döredilýändigini belledi. Diablo 4-de 12 milliondan gowrak adam oýnaýar, reýtinge goşulmak üçin ýüz tutýanlaryň sany bolsa 900-e golaý.


18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....