Türkmenistanda ýylyň iň gowy sürüjileri yglan edildi

  • 23.11.2024 21:56
  • 26k+

Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 26-njy noýabrda bellenilip geçilýän Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanyp, dabaraly mejlis geçirildi. Dabaranyň çäklerinde ýolagçy hem ýük awtoulaglaryň sürüjileriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň final tapgyry geçirildi we ýurdumyzyň iň gowy sürüjileri yglan edildi diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Döwlet derejesinde geçirilen bäsleşik «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» diýlip atlandyryldy.
Bäsleşik iki kategoriýada - ýolagçy hem ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň arasynda geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeginden sürüjiler gatnaşdy. Sürüjiler ýola hereketiniň düzgünleri, awtoulaglaryň tehniki häsiýetnamalary we hünär başarnyklary babatda bilimlerini görkezdiler.

  • Ýolagçy awtoulaglary kategoriýasynda ýeňiji - Arkadag şäheriniň Awtomenzil we awtotoplum müdirliginiň sürüjisi Guwanç Owganow.
  • Ýük awtoulaglary kategoriýasynda ýeňiji - Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Awtomobil mekdepleri birleşiginiň şahamçasynyň işgäri Azym Gurbanow.

Ýeňijilere gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......