Wengriýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar (Resminamalaryň sanawy)

  • 23.11.2024 21:23
  • 10k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada bildiriş "Türkmenistan" gazetinde neşir edildi.

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta bilimli, 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan, 2024-2025-nji okuw ýylynda umumy orta mekdebi tamamlaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry — 10-njy dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
  • — Dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • — Hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • — Umumy orta bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • — SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) ýa-da IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
  • — Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • — 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat.

Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • — Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen orta bilimiň umumy bilim meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw dersleri boýunça iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.
Telefon belgileri:
(+993 12) 39-85-62, 39-85-25
elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com


düýn 07:39
3k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......