Hytaýa okuwa gitmek üçin resminamalar 25-nji noýabrdan alnyp başlanar (Resminamalaryň sanawy)

  • 23.11.2024 21:08
  • 12k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýy­ly üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi (ba­ka­lawr) mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça se­çip alyş işini geçirýär. "Türkmenistan" gazetinde resminamalaryň kabul edilişi, gerekli resminamalar barada bildiriş çap edildi.

Resminamalar 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry — 10-njy dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary resminamalaryny tabşyryp biler.
Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
  • Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;
  • ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalary (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);
  • umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language), IELTS (International English Language Testing System) ýa-da HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
  • Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat.

Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen orta bilimiň umumy bilim meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw dersleri boýunça iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.
Telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25
elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

17.06.2026 09:44
2.3k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......