Gyş paslynyň garagyş döwri başlandy

  • 23.11.2024 12:19
  • 16k+

22-nji noýabrda, gyş paslynyň öň ýanyndan, türkmen milli aý-gün senenamasy boýunça garagyş döwri başlandy. Bu döwür 15 günläp dowam edip, 7-nji dekabrda tamamlanar diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bu döwre näme üçin garagyş diýildikä?

“Ak zat alnyňa ýagşy” diýýän halkymyz giň sährada ak öýleri dikip, mydama aklyga sygnyp ýaşapdyr. Garaňky gijeden soň gelýän ak daňdanlarda örüp, säheri ýüzüne sylypdyr. Garagyş günleri bolsa käte maldary-da, daýhany-da kyn güne goýýar. Aralyk ekinleriniň hasylyny ýygnap ýetişmedik daýhanyň käbir ýyllarda ony garyň aşagyndan alýan wagtlary hem bolýar. Hut şonuň üçin-de, garagyş döwri gyşyň ýetip gelendigini öňräginden ýatladýar. Sebäbi käbir ýyllarda akrap maýyl gelip, adamlar gyşyň düşenini hem duýman galýarlar. Şeýle ýagdaýda daýhan-da, maldar hem köp ýitgi çekmeli bolýar. Ine, şuny ýatlatmak üçin-de pederlerimiz gyşyň başyny garagyş diýip atlandyrypdyrlar” – diýlip, gazetde bellenilýär.

Dört bölege bölünen gyşyň iň soňky — 8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän döwrüne hem iň soňky garagyş diýilýär.
Bu ýyl gyşyň maýyl gelmegine garaşylýar. Sebäbi her kyrk ýyldan gaýtalanýan we biri-birine juda meňzeş gelýän ýyllara görä, ýaşulular 1984-nji ýylyň hem gyşynyň maýyl gelendigini ýatlaýarlar. Her näme-de bolsa, gyşy taýýarlykly garşylamak göwne makuldyr.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......