Angliýada 1500 at güýjüni öndürýän paraşýutly BMW M2 hödürlendi

  • 23.11.2024 11:38
  • 6k+

Angliýada 1500 at güýjüni öndürýän BMW M2 kupesiniň üýtgedilen görnüşi hödürlendi. Awtoulagy R44 Performance we Tom Wrigley Performance atelýeleri işläp düzdi diýip, auto.ru habar berýär.

Awtoulag sergi maksatly döredilipdi, ýöne işläp düzüjiler ony ABŞ-da resmi dreg-ýaryşlaryna çykarmagy meýilleşdirýärler. Ilkinji ýaryş synanyşygy indiki ýylyň mart aýynda bolar.
Taslamanyň esasynda adaty alty silindrlik BMW hereketlendirijisi durýar. BMW M2-de sowadyjy ulgamy, geçiriji korobkasy we içerki hereketlendirijiniň birnäçe komponentleri gowulandyryldy. Has gowy ssepleniýäni üpjün etmek üçin awtoulag BMW M3-den mehanizm we doly priwod aldy.
Daşky üýtgeşmelere aerodinamiki bölekler we adaty Wossen tekerleri degişlidir. Awtoulagyň yz tarapynda onuň durmagyna kömek etjek paraşýut ulgamy gurnaldy.
Köp kuzow elementleri karbon analoglary bilen çalşyryldy. Awtoulagyň salony adaty enjamlardan mahrum edilip, onda plastik “kowş oturgyçlary” oturdyldy.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......