Türkmenistanda dekabrda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi mälim edildi

  • 23.11.2024 10:52
  • 6.6k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde birnäçe medeni çäreleri guramak, “Merdana nesil — 2024”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem

  • Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
  • Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabatlanylyp birnäçe çäreler geçiriler.
  • 15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy, “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri bar. Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň arasynda täze ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki göz öňünde tutulýar.
  • Dekabr aýynda ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe täze desgalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berler.

düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....