Türkmenistan Täze ýyla taýýarlanyp başlady. 15-nji dekabrda Baş arçanyň yşyklary ýakylar

  • 23.11.2024 09:52
  • 18k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabatda bezeg, Täze ýyl arçalaryny bezemek işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler. Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň arasynda täze ýyl teleköprüsini guramak, baýramçylyk feýerwerki göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek, beýleki bezeg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


23.06.2026 19:04
7.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......