“Türkmengaz” DK gyş möwsümine taýýarlyk görýär

  • 23.11.2024 09:06
  • 4.4k+

“Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatynyň çäklerinde aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär. Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanmak, enjamlardan talabalaýyk peýdalanmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işleri geçirilýär.
Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň gyş möwsümine doly taýýarlyk görmelidigini, tebigy gazyň sarp edilişine, howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......