Netflix 2025-nji ýylda Winisius Žunior barada dokumental film çykarar

  • 21.11.2024 12:13
  • 6.3k+

Netflix Madridiň “Realynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Winisius Žunior barada dokumental film çykarar. Filmiň premýerasynyň 2025-nji ýylda bolmagyna garaşylýar. Netflix bu taslamany “24 ýaşly braziliýaly futbol nyşanynyň durmuşyna we karýerasyna” içgin syn hökmünde yglan etdi.

Dokumental film Winisiusyň giň köpçülige kän belli bolmadyk durmuş pursatlaryny açyp görkezer hem-de onuň futbol karýerasynyň başynda ýüzbe-ýüz bolan meseleleri barada gürrüň berer.
Şeýle-de, filmde futbolda jynsparazlyk we adalat ugrunda göreş bilen baglanyşykly meseleler gozgalar.
Winisius Žunior “Flamengonyň” ýetişdiren oýunçysydyr. Ol 2018-nji ýylda 45 mln ýewro Madridiň “Realyna” geçdi.
Şol wagtdan bäri 24 ýaşly oýunçy topar bilen iki Çempionlar ligasyny utmaga ýetişdi, üç gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, üç gezek Ispaniýanyň Superkubogyny we iki gezek UEFA-nyň Superkubogyny utdy.
“Altyn top – 2024” üçin ses berişlikde Winisius Žunior diňe Rodriden yza galyp, ikinji orny eýeledi. Häzirki möwsümde ol “Real” üçin 16 oýna gatnaşyp, 12 gol geçirdi we 4 assist etdi.
Indiki duşuşygy “Real” 24-nji noýabrda “Leganese” garşy geçirer.


şu gün 13:41
1.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
2.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.4k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......