“Altyn top” üçin ses berişligiň netijeleri: Winisius Žunior Rodriden 41 bal yzda

  • 10.11.2024 23:42
  • 10k+

28-nji oktýabrda “France Football” neşiri tarapyndan 2023/2024 möwsüminiň jemi boýunça iň gowy oýunça berilýän “Altyn top” baýragyny haýsy futbolçynyň alandygy belli boldy. Baýraga “Mançester Sitiniň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri mynasyp boldy.

Häzir bolsa bu baýrak üçin ses berişligiň netijeleri yglan edildi. Rodri mümkin bolan 1485 baldan 1170 bal aldy. Baýragy almaga ýakyn hasaplanan Madridiň “Realynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior bolsa 1129 ses alyp, ikinji boldy. Şeýlelikde, Rodri Žuniordan 41 bal öňe geçýär. Ses berişligiň netijesi boýunça üçünji orny braziliýaly Jud Bellingem eýeledi. Ol 917 bal gazandy.
“Altyn top” – 2024 baýragy üçin ses berişligiň netijeleri, ilkinji onluk:

  1. Rodri (“Mançester Siti”) – 1170 bal
  2. Winisius Žunior (Madridiň “Realy”) – 1129
  3. Jud Bellingem (Madridiň “Realy”) – 917
  4. Daniel Karwahal (Madridiň “Realy”) – 550
  5. Erling Holand (“Mançester Siti”) – 432
  6. Kilian Mbappe (“PSŽ”) – 420
  7. Lautaro Martines (“Inter”) – 402
  8. Lamin Ýamal (“Barselona”) – 383
  9. Toni Kroos (Madridiň “Realy”) – 290
  10. Harri Keýn (“Bawariýa”) – 201.

şu gün 13:41
2.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......