SpaceX kompaniýasy Starship-iň altynjy synag uçuşyny geçirdi: birinji basgançagy tutmak başartmady

  • 21.11.2024 11:51
  • 4.2k+

19-njy noýabrda SpaceX kompaniýasy ägirt Starship raketasynyň altynjy synag uçuşyny geçirdi. Uçuryş ýerli wagt bilen 16:00-da (Aşgabat wagty bilen 20-nji noýabrda 3:00) boldy. Birinji basgançak Super Heavy ilkibaşda Mechazilla ulgamy tarapyndan tutular diýlip garaşylypdy, ýöne, takmynan, sekiz minutdan soň tizleşdiriji Meksika aýlagynda asuda gondy.

“Biz käbir şertlerden gyşardyk” diýip, SpaceX-iň wekili Den Huot düşündirdi. Görnüşi ýaly, uçuş wagty tizleşdirijiniň uçuryş gurluşyna gonmagy üçin töwekgelçilik döredip biljek näsazlyk ýüze çykan bolmaly, şol sebäpli hünärmenler bu wezipeden ýüz öwrendir.

Starship kosmos gämisi sagatda 28 328 km tizlik bilen uçuşyny dowam etdirdi. 45 minutdan soň, meýilleşdirilişi ýaly, ol Hindi ummanynda gondy.
Bu synag uçuşynyň esasy maksatlarynyň biri atmosfera gatlagyndan uçurylan wagty hüjüm burçunyň ulalmagy bilen ganatdaky ýörite gurluşlaryň işini barlamak boldy.
Şeýle-de, SpaceX ýylylyk galkany bilen tejribe geçirdi: korpusyň bir böleginde gorag plitkalary ýokdy. Mundan başga-da, wakuumda Raptor hereketlendirijileriniň biri synagdan geçirildi, bu bolsa geljekki orbital missiýalar üçin möhüm ädimdir.
Uçuş ýaýlymyna 7 mln töweregi adam tomaşa etdi.
Starship ulgamy köp gezeklik ulanmak we Aýa hem Marsa ekipažly uçmak ýaly dürli missiýalary ýerine ýetirmek üçin işlenip düzülýär.
Starship gämisi we Super Heavy raketasy kosmos uçuşlarynyň taryhynda iň uly toplumdyr. Onuň uçuş meýdançasynda beýikligi – 121 metr (71 metr – Super Heavy, 50 metr – Starhip-iň uzynlygy). Gäminiň we raketanyň diametri dokuz metre barabar.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......