Iň uzyn atly anime anons edildi, ol 39 sözden ybarat

  • 21.11.2024 11:57
  • 4.4k+

HJ Bunko leýbli taryhda iň uzyn atly animeniň ilkinji tizerini hödürledi. Ýapon multiplikasiýasynyň awtorlary öz taslamalaryna, köplenç, uly atlary dakýarlar, ýöne geljekki fentezi şouwy 39 iňlis sözünden ybarat bolmak bilen, hemmeden öňe geçmäge çalyşýar: «Backstabbed in a Backwater Dungeon: My Trusted Companions Tried to Kill Me, But Thanks to the Gift of an Unlimited Gacha I Got LVL 9999 Friends and Am Out For Revenge on My Former Party Members and the World».

Animeniň doly ady türkmen dilinde şeýle ýaňlanýar:

“Ýeriň astynda arkaňdan urgy: meniň wepaly ýoldaşlarym meni öldürmäge synanyşdylar, ýöne çäksiz gaça sowgady bilen men 9999-njy derejeli dostlary aldym we öňki partiýadaşlarymdan hem bütin dünýäden ar almak isleýärin”.

Anime Şisui Meýkýo tarapyndan ýazylan adybir romanlar seriýasyna esaslanýar. Asyl roman “Ras bileleşigi” toparyndan öz wepaly ýoldaşlary tarapyndan kowlan Laýt atly ýigit barada gürrüň berýär.
Belläp geçsek, animeleriň uzyn atlary awtorlaryň ol baradaky iň möhüm zatlary adyna goşmak arkaly ulanyjylary özüne çekmek synanyşygy bilen baglanyşyklydyr.


şu gün 20:14
458

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
1.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......