“Dedpul we Rosomaha” rekord goýýar: Disney+ striminginde 19 milliondan gowrak tomaşa

  • 21.11.2024 11:53
  • 5.1k+

“Dedpul we Rosomaha” filmi rekord goýmagy dowam etdirýär. Variety neşiriniň habar bermegine görä, Marvel-iň bu filmi Disney+ onlaýn kinoteatrynda premýerasyndan soňky ilkinji alty günüň dowamynda rekord 19,4 mln tomaşa ýygnady.

Bu hem Şon Lewiniň filmini Disney+-da, şeýle-de Hulu platformasynda 2023-nji ýylyň başynda “Gara babyryň” dowamynyň (Черная пантера 2: Ваканда навеки) çykmagyndan bäri iň köp tomaşa edilýän live-action filmine öwürdi.
Şol bir wagtyň özünde, “Dedpul we Rosomaha” animasion lentalaryň rekordyny täzeläp bilmedi. Mysal üçin, “Tapmaça” Disney+-da premýerasynyň ilkinji bäş gününde 30,5 mln tomaşa ýygnady.
“Dedpul we Rosomaha” 26-njy iýulda dünýä prokatyna çykdy we tiz wagtdan kassa ýygymy boýunça birnäçe rekordy täzeledi. Ilkinji uik-endde film ABŞ-da 205 mln dollar we dünýäde 438,3 mln dollar ýygnady, netijede dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnap, taryhda R reýtingli iň girdejili film boldy
Mundan başga-da, Raýan Reýnolds we Hýu Jekman filmiň tizeriniň 24 sagatda iň köp tomaşa edilen tizer bolandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdiler. Bleýdiň roluna gaýdyp gelen Uesli Snaýps bolsa film çykandan soň Ginnesiň kitabynyň iki rekordyny täzeledi.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......