Uesli Snaýps Marvel gahrymanyny has uzak wagtlap janlandyrmak boýunça rekord goýdy

  • 05.08.2024 12:25
  • 4.5k+

Ginnesiň rekordlar kitabynyň administrasiýasy kino dünýäsinde täze rekordlary hasaba aldy. Hususan-da, gurama amerikaly aktýor Uesli Snaýpsyň Marvel-iň iki rekordyny täzeländigini habar berdi.

Snaýps “Dedpul we Rosomaha” filminde ýarym wampir-ýarym adam Bleýdiň keşbine gaýdyp gelip, 1998-nji ýylda asyl “Bleýd” çykanyndan 25 ýyl 340 gün soň bu roly ilkinji gezek oýnady. Şeýlelik bilen, ol 24 ýyl Rosomahany janlandyran Hýu Jekmandan öňe geçdi.
Snaýps Marvel gahrymanlaryny janlandyrmalaryň arasyndaky arakesmäniň uzaklygy boýunça hem rekord goýdy. Soňky gezek aktýor 2004-nji ýylda “Bleýd: Üçler”  (Блейд: Троица) filminde super gahrymanyň keşbini ýerine ýetirdi. Ol “Dedpul we Rosomaha” şundan 19 ýyl 231 gün soň gaýdyp geldi. Bu görkeziji boýunça Snaýps “Möý adam: Öýe ýol ýok” (Человек-паук: Нет пути домой) filminde doktor Oktawiusyň keşbine gaýdyp gelen Alfred Molinadan öňe geçdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....