Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe diýlip ykrar edildi

  • 21.11.2024 11:16
  • 5.3k+

Milanyň Montenapoleone köçesi kärende tölegi boýunça dünýäde iň gymmat köçe boldy. Bu barada Cushman & Wakefield amerikan kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär. 

Milanyň bu köçesi ilkinji gezek Nýu-Ýorkdaky we Londondaky esasy bäsdeşlerinden – Bäşinji awenýudan we Nýu-Bond stritden öňe geçip, dünýäniň iň gymmat söwda köçeleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi.
Montenapaleonede kärende üçin iň ýokary töleg bir ýylda 11% ýokarlanyp, her inedördül metr üçin 20 müň ýewro ýetdi.  34 ýylda ilkinji gezek reýtingde birinji orny Ýewropanyň köçesi eýeledi.
Montenapoleone bolan gyzyklanmanyň artmagy lýuks brendleriň arasynda özüne çekiji ýerler üçin bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen baglanyşdyrylýar. 2023-nji ýylda bu ýerde täze Chanel we Gucci dükanlary açyldy.
Gucci we Alexander McQueen ýaly brendlere eýelik edýän Kering lýuks kompaniýalar topary bu köçedäki söwda binasy üçin 1,3 mlrd ýewro töledi, bu hem soňky iki ýylda Ýewropada gozgalmaýan emläk boýunça iň uly şertnama boldy.
Hünärmenler köçäniň gysgalygynyň onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrýandygyny belleýärler. Iň gymmat köçeleriň bäşligine Pariždäki Ýeliseý meýdanlary we Gonkongdaky Çimsaçýoý hem girdi, onlugy bolsa Wenanyň merkezindäki Kolmarkt köçesi jemledi.


27.05.2026 14:41
6.5k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......

24.05.2026 00:07
8.1k+

Gresiýanyň kenarlarynda ýatylýan oturgyçlary we saýawanlary ulanmak gadagan edildi

Gresiýanyň häkimiýetleri kenarýaka zolaklary goramak baradaky täze düzgünleriň çäginde ýurduň 251 sany plýažynda şezlonglary (ýaylýan oturgyçlary) we Günden goraýan saýawanlary ulanmagy düýbünden gadagan etdi....