Gresiýanyň kenarlarynda ýatylýan oturgyçlary we saýawanlary ulanmak gadagan edildi

  • 24.05.2026 00:07
  • 8.3k+

Gresiýanyň häkimiýetleri kenarýaka zolaklary goramak baradaky täze düzgünleriň çäginde ýurduň 251 sany plýažynda şezlonglary (ýaylýan oturgyçlary) we Günden goraýan saýawanlary ulanmagy düýbünden gadagan etdi.

The Sun neşiriniň ýazmagyna görä, bu gadagançylyk ýurda gelýän syýahatçylaryň çakdanaşalygyna garşy göreşmek we kenarýakanyň tebigy gözelligini gorap saklamak maksady bilen girizildi.

Gorap saklanyş zolaklaryna degişli bolan bu ýerlerde kireýine berilýän ýa-da kafelere degişli bolan plýaž mebellerini goýmaga-da rugsat berilmez.

Bu ýerlerde beton gaçylary we daş düşelen ýodalary gurmak ýaly işleri hem düýbünden gadagan edildi.

Plýaža dynç almaga gelýän adamlar diňe özleri bilen getiren adaty süpürgiçlerini ýa-da ýörite matalaryny ýere düşäp, dynç alyp bilerler.

Düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin kenarlarda dronlar ulanylar. Kanuny bozan islendik adamlara-da, kenardaky kafe eýelerine-da örän uly möçberde pul jerimeleri garaşýar.


10.06.2026 16:40
2.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......