Türkmenistanyň Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Gazagystanda iş saparynda boldular

  • 19.11.2024 00:04
  • 9.1k+

15-nji noýabrda Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwlet dolandyryşy we döwlet gullugy: häzirki wagty we geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada TmCars-a akademiýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahata şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň,  Bolgariýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Litwanyň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda döwlet dolandyrylyşynda häzirki zaman ýörelgeleri we iň gowy tejribeleri, döwlet hyzmatlaryny hödürlemekde, gullukçylary saýlamakda emeli aň we awtomatlaşdyrmak, raýatlar we işewürlik üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini,  sanlylaşdyrylmagyny  gowulandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň wekilleri maslahatda ählumumy özgertmeler şertlerinde döwlet gullukçylarynyň başarnyklaryny ösdürmek, döwlet gullugynda ahlak gymmatlyklarynyň ornydöwlet gullukçylary taýýarlanylanda ulanylýan döwlet dolandyrylyşynyň tejribeleri meseleleri boýunça öz pikirlerini beýan etdiler.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....