Ilon Mask: “SpaceX” her gün üç “Starship” ýygnamagy maksat edinýär. Bu bir ýylda 1000 sany gämi bolýar

  • 18.11.2024 22:15
  • 4.7k+

Ilon Mask Günorta Tehasdaky “Starfactory" zawodynyň önümçilik kuwwatynyň ýylda 1000 “Starship” raketasyna ýetmelidigini habar berdi. Bu her gün üç gämi ýygnamagy öz içine alýar diýip, x.com ýazýar.

“Starfactory” takmynan, 93,000 inedördül metr meýdany bolan önümçilik toplumydyr. Zawod has çalt önümçilik aýlawyna mümkinçilik berýän gurnama işiniň irki döwürlerini birleşdirýär.
Mundan ozal, “SpaceX-iň” hil ulgamlaryny ösdürmegiň menejeri Keýt Taýs kompaniýanyň günde bir gämi ýygnamak baradaky uzak möhletleýin maksadyna ýetip, indi önümçilik derejesini ep-esli ýokarlandyryp biljekdigini habar berdi.
Mundan başga-da, Mask kompaniýanyň iki günüň içinde raketalary uçurmak boýunça täze rekord goýmagy meýilleşdirýändigini tassyklady. “SpaceX” 48 sagadyň dowamynda Tehasdan, Floridadan we Kaliforniýadan “Starship” ýaly dört raketa uçurmagy meýilleşdirýär.
Indiki ýylda kompaniýanyň iki “Starshipiň" arasynda ilkinji orbital ýangyç guýmaga taýýarlanýandygy mälimdir.
Täze “Starship-yň” synag uçuşy 19-njy noýabrda meýilleşdirilýär. Bu dünýäniň iň uly kosmiki gämisiniň Arş giňişligine uçurylyşyndaky altynjy synanyşyk bolar diýip, ixbt.com ýazýar.


düýn 16:54
7.1k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.3k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

05.05.2026 23:24
3.4k+

Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......