Änew «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» adyny Gazagystanyň Aktau şäherine geçirdi

  • 18.11.2024 11:36
  • 3k+

16-njy noýabrda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy boldy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabaranyň çäklerinde şeýle hem türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti guraldy diýip, TDH habar berýär.
Dabaradaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew şäherine bu hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň, amaly-haşam sungatynyň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty ýaly möhüm çäreler geçirildi.
Soňra baýramçylyk konserti geçirildi. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, şeýle hem “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.


şu gün 00:03
529

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......