BMW 5 Series “Germaniýada 2025-nji ýylyň awtoulagy” diýen ada eýe boldy

  • 18.11.2024 06:29
  • 6.2k+

Täze BMW 5 Series modeli  “Germaniýada 2025-nji ýylyň awtoulagy” diýen ada eýe boldy. 32Cars.ru-nyň habar bermegine görä, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň 40 sany bilermen-awtožurnalistlerinden ybarat bolan bäsleşigiň eminler topary modellere dürli ölçegler boýunça baha berdiler.

Baýrak BMW AG-nyň Dolandyryş Geňeşiniň agzasy Ýohen Gollere gowşuryldy.

“Täze BMW 5 Series-iň ýeňşi müşderilere gönükdirilen strategiýamyzyň üstünlikli bolandygyny tassyklaýar. Müşderileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin bu modeli doly elektrikli görnüşde hem-de gibrid we ýokary öndürijilikli içinden otlanýan hereketlendirijili görnüşde hödürleýäris " – diýip, Goller dabarada belledi.

BMW 5 Series dürli segmentlerde iň oňat diýlip saýlanan beýleki finalçylardan: Citroen C3-den (ykjam awtoulaglar), Cadillac Lyriq-den (kaşaň awtoulaglar), Audi Q6 e-tron-dan (alternatiw güýç gurluşly awtoulaglar) we Porsche 911 GTS T-Hybrid-den (sport awtoulaglary) öňe geçmegi başardy.
BMW 5 Series-iň özi premium awtoulaglar klasyna degişli.
BMW 5 seriýasynyň ýeňmegi bilen ýaryşda alty ýyllap elektromobilleriň agalyk etmegini tamamlandy. Geçen ýyllarda bu baýragy Jaguar I-Pace, Porsche Taycan we Hyundai Ioniq 5 alypdy.
Bäsleşigi Aitastic, Alcantara we Bridgestone ýaly kompaniýalar goldaýar.


18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......